0111Türkmenistanyň Prezidentiniň “Awaza milli syýahatçylyk zolagy” baradaky Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenbaşy şäheriniň howa menziliniň toplumy 2010-njy ýylda guruldy:

    • Bir sagatda 800 ýolagçy hyzmat etmek ukyby bolan ýolagçy terminalynyň 4 gatly binasy:
      Birinji gaty – garaşylýan zal, goşlaryň berilýän we aralary aýna germew bilen bölünen, ýerli we halkara ugurlarynyň ýolagçylary we ýüki hasaba almaklygyň zallary, halkara ugurlaryny hasaba almaklygyň zalynda immigrasiýa, serhet, sanitar-epidemiologik we gümrük işlerini geçirmeklik üçin ähli zerur bolan zatlar bar.
      02 new
      maýyplar üçin niýetlenilen bölümler bar. Uçuş gününde petekleri satmak üçin ýerli we halkara kassalary bar. Şeýle hem birinji gatda lukmanyň otagy, ilkinji kömek otagy ýerleşýär.
    • Ikinji gaty – ýerli we halkara gatnawlarynda gelýän ýolagçylaryň zolagy. Ýolagçylar teleskopiki münerler we ýolagçy köprüsi boýunça uçardan howa menziliniň jaýyna geçýärler. Halkara gatnawlaryň gelýän zolagynda immigrasiýa, serhet, sanitar-epidemiologik işleri geçirmeklik üçin ähli zerur şertler bar. 
      04 new
      Ýerli we halkara ugurlarynyň ýolagçylary eskalatorlar boýunça goşlary berilýän zolaga aşak düşýärler.
    • Üçünji gaty – ýerli we halkara gatnawlaryň uçuş zolagy. Ýerli we halkara ugurlarynyň ýolagçy akymlary öz aralarynda bölünendir. Uçara münmeklige garaşýan ýolagçylar üçin aňrybaş rahat şertler döredilendir. Kafeteriler, bufetler bar. Biznes klasyň we CIP zallary ýolagçylara ýokary derejede hyzmat etmeklige taýýar. Ýolagçylar uçara münmezinden öň tehniki serişdeler bilen el goşlarynyň barlagy geçirilýär we ýolagçylar ýolagçylar köprüsi we teleskopiki müneri boýunça howa menzilinden uçara geçýärler.
      Dörtdünji gaty – aeroportyň administrasiýasynyň ofis otaglary. Ýük terminaly aşakdaky funksional bloklardan durýar:
      Halkara ýükleri kabul etmeklik we ugratmaklyk üçin ýük ammarynyň jaýy:
      • Ýükleri saklanylýan umumy zal
      • Gymmat bahaly ýükleri saklamaklyk üçin jaýlar
      • Çalt zaýalanýan ýükleri saklamaklyk üçin sowadyjy gurluşlar
      • Bort iýmitlerini taýýarlanylýan seh
      • Ekipažlar üçin 25 orunlyk myhmanhana
      Aşakdakylardan ybarat bolan ýangyç-çalgy serişdeleriniň ammary:
      • Umumy göwrümi sekiz müň kub metr bolan awiakerosini saklamaklyk üçin 4 sany rezerwuarlar.
      • Awiasiýa ýaglarynyň we ýörite suwuklyklaryň azajyk toplumlaryny saklamaklyk üçin ammar.
      • Howa gämilerine merkezleşdirilen ýangyç guýmaklyk üçin enjamlar.
      • Ýangyç-çalgy serişdeleriniň laboratoriýasy.

 

EUGZ we perron

IKAO-nyň II kategoriýasynyň minimumy boýunça radiotehniki serişdeler we IKAO-nyň I kategoriýasynyň minimumy boýunça yşyk signally enjam bilen enjamlaşdyrylan, uzynlygy 3500 m, umumy ini 60 metr, işçi böleginiň ini 45m bolan emeli uçuş-gonuş zolagy. Aerodromyň etrabynda howa hereketini dolandyrmaklyga radiolokasiýa gözegçiligi üpjün edýän radiolokator bar.
Meýdany 745000 m2 bolan ýolagçylar perrony bir wagtda 6 sany howa gämilerini ýerleşdirmekligi ( E klasly 2 uçary, D klasly 2 uçary we C klasly 2 uçary) göz öňünde tutýar, ähli duralgalar merkezleşdirilen ýangyç guýujy punktlar bilen abzallaşdyrylan. 
          06 new

Ýük perronynda merkezleşdirilen ýangyç guýujy punktlar bilen abzallaşdyrylan 2 sany duralga bar. Biri Il -76 uçarlar üçin, ikinjisi An-124 uçarlar üçin.
          07 new

IATA-nyň (IATA) kody – KRW
IKAO-nyň (ICAO) kody – UTAK
Koordinatlary - 40°03’47” N 53°00’25” E
Statusy  halkara
UGZ-nyň deňiz derejesinden ýokardalygy – 85m
Ýerli wagt: UTC +5

Durkunyň täzelenilen ýyly 2010
UGZ: Oklarynyň arasyndaky uzaklyk 190m bolan iki sany parallel zolaklar
№ 1 RWY 34R/16L 2500x45m Örtügi beton plitalar PAG 14
PCN 26R/A/X/T
№ 2 RWY 34R/16L 3500x4m Örtügi monolit beton
PCN 70R/A/X/T

Geýtleriň sany 6

Ýük duralgalary:
Il 76 tipli uçarlar üçin – 3
An 124 tipli uçarlar üçin – 1
Ähli ýolagçylar we 2 sany ýük duralgalary (Il 76 we An 124) merkezleşdirilen ýangyç guýujy punkt bilen enjamlaşdyrylan (ortaça 1 minutda x 700 litr)

          08 new

Giňişleýin aeronowigasiýa maglumatlary ýygyndylarda çap edildi.

Aeroportyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen uçuşlary ýerine ýetirmeklikde esasy artykmaçlyklary aşakdakylardyr:
• Ýangyç üçin bäsleşige ukyply bahalary bolan häzirki zaman aeroporty, kesgitli bahasyny arzanlatma bar.
• Bäsleşige ukyply ýerüsti hyzmat etmek, sertifisirlenen häzirki zaman ýerüsti enjamlar ýerleşdirilen.
• Ýokary bolmadyk duralga bahasy
• Orta aziýa sebitinde goşmaça ýangyç guýmak bilen tranzit uçuşlary ýerine ýetirmeklik üçin özüne çekiji geografiki ýagdaýy.